- arka
- 11) Göwräniň eginden inçe bile çenli bolan tutuş bölegi.∙ Arkasy mähnet torbaly, gara dere batyp, bir aýal gapdalymyzdan geçip gitdi. («Tokmak» žurnaly)∙ Lälik çaga ýaly, hemişe arkaňyz sypalyp durar öýdýämisiňiz. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Deşli garrynyň arkasy çygjarýardy. (N. Saryhanow, Saýlanan Eerler)2) Bir zadyň syrt ýüzi, ters ýüzi, ýeňsesi, yz tarapy.∙ Nirdendir arka tarapda göz ýetmeýän bir ýerden uzaga atýan agyr toplar gazaply sesleri bilen ýolbars ýaly arlaşýardylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)∙ Öýüň arka ýüzi.3) Göçme manyda Daýanç, goldaw, hemaýat.∙ Baýlaryň hileli düwnini çöşüp, Garybyň arkasyn çalandan seçiň! (Mollamurt, Saýlanan eserler)∙ Sen, gardaş, adamlara gowy arka durýarsyň. (M. Gorkiý, Ene)∙ Dagdan arkasy bolanyň, daşdan ýüregi bolar. (Nakyl)4) Kömekçi söz rolunda.∙ Ol kakasynyň arkasyndan abraý gazanjak bolýar.◊ arka durmak — Biriniň tarapyny çalmak, biriniň bähbidini goramak, goldamak.◊ arka tutunmak — Biriniň kömek etmeginde, goldawynda, hemaýatynda bolmak.◊ arkasyny tutmak — Tarapyny tutmak, arka durmak, tarapyny çalmak.2Nesil aýlanyşygynda her bir nesil.∙ Halyçydyr garryň ýedi arka nesli. («Sowet edebiýaty» žurnaly)3Arhitektura Ýaý görnüşinde gurulýan gurluşyk, ýaý görnüşinde edilýän bina.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.